Sagdynlyk – ruhubelentlik

5 Awgust 2022
81

Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we täze belentliklere tarap okgunlylygyň nyşanydyr. Barha gözelleşýän we täzelenýän halkara derejesindäki «Awaza» milli syýahatçylyk dynç alyş merkezi munuň aýdyň mysalydyr. Gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk, ägirt uly durmuş-ykdysady ähmiýetli bu maýa goýum taslamasy häzir sebitleri toplumlaýyn ösdürmegiň täzeçil nusgasyna öwrüldi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen binýady goýlan sagdyn durmuş ýörelgeleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan işjeň dowam etdirilýär. Tomus paslynyň ir säheriniň özboluşly gözelligi, hoştap howasy hem-de sergin şemaly ynsan kalbyna ýakymly täsir edýär. Hormatly Prezidentimiz ogly Kerimguly bilen ir säherde Hazaryň kenarynda birsellem gezelenç etdi hem-de sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Soňra döwlet Baştutanymyz ogly bilen bilelikde Awazanyň çägi boýunça welosipedli gezelenç etdi. Ýokary ekologiýa derejesini saklamak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýän ýeri bolan Awazanyň bagy-bossanlygy adamlaryň ruhuny göterýär. Säher çagynda Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa ajaýyp kenarýaka zolagynda welosipedli gezelenç etmek saglygyňy pugtalandyrmaga kömek edýär.