Eşret kenary

4 Awgust 2022
100

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň, hepdesiniň, aýynyň guwandyryjy wakalara beslenmegi eşretli geljegimiz bilen baglanyşykly buýsançly duýgulary kalbyňa doldurýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda amala aşyrylýan işler şol buýsanja beslenen sahypalaryň arasyndan orun alýar. Gojaman Hazaryň türkmen kenarynyň göwherine öwrülen gözel Awaza bolsa halkymyzyň ykbalyna dahylly taryhy pursatlaryň ýaýbaňlanýan mekanyna öwrüldi. Sagdyn durmuşyň nusgasyna öwrülen Awazada geçirilýän halkara möçberli çäreler, ýokary derejedäki duşuşyklar sebitiň ykbalyna täsir edýän, umumadamzat bähbitli tutumly işlere badalga bolýar. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň — döwrebap «Rowaç» kottejler toplumynyň peýda bolmagy bu ýerde halkara derejeli döwrebap deňiz şypahanasyny ösdürmegiň ýolunda ýene-de bir ädim boldy.

Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ajaýyp künjegi — Awaza tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Ýylyň bütin dowamynda dynç almak üçin ähli şertleriň, hyzmatlaryň ýokary derejede ýola goýlandygy Awazany gyşyn-ýazyn şowhun-şatlygyň möwç urýan mekanyna öwürýär.

Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.