Beýik ösüşleriň ajaýyp keşbi

4 Awgust 2022
73

Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtly we sapaly ýaşamagy üçin ählitaraplaýyn mümkinçilikleri üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy güýji bilen ähli pudaklaryň sazlaşykly hereketiniň netijeleri bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi awgust aýynda zähmet rugsadynda bolýarlar. Zähmet rugsadynda sapaly dynç alşy bedenterbiýe we döredijilik bilen sazlaşykly utgaşdyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerýän döredijilik işgärlerine ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler has täsirli çykyşlary taýýarlamaga ruhy joşgun berýär. Awazanyň arassa kenarynyň şypaly howasy bilen birlikde, ösen mümkinçilikli şypahanalardyr myhmanhanalardaky dynç alyş bolsa ruhy joşgunlaryň has artmagyna mümkinçilik döredýär. 

Maksat NURYÝEW,
«Adalat».