Giriş synaglary dowam edýär

4 Awgust 2022
158

Adamzat nesliniň gazanan iň ajaýyp üstünlikleriniň biri-de ylymdyr. Bir ýurduň sazlaşykly ösüşi, ilkinji nobatda, şol ýurduň ýaş nesliniň bilim derejesine bagly bolup durýar. Şu jähetden ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler ýurduň geljegi bolan ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň gözýetimli, sagdyn pikirlenmegi başarýan we özleriniň saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmagyna gönükdirilendir.

Häzirki wagtda ylym-bilimiň ojagy hasaplanýan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul edilmek, giriş synaglaryny tabşyrmak döwri dowam edýär. 2022 — 2023-nji okuw ýylynda talyplary okuwa kabul etmek boýunça döwlet synaglarynyň netijeleri esasynda ylymly-bilimli ýaşlar ýurdumyzyň birnäçe bilim ojaklaryna kabul ediler. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglar Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilip, degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça geçirilýän synaglar döwlet dilinde alnyp barylýar.

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
«Diýar».