Täze sport üstünlikleri bilen Watanymyzyň şöhraty artýar

4 Awgust 2022
552

Awaza, 3-nji awgust. Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça iri halkara ýaryşlarda — Russiýa Federasiýasynda geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» ralli-reýdinde hem-de geçen aýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türgenleri sylaglamak dabarasy boldy.

«Awaza» sport toplumynyň sportuň oýun görnüşleri binasynda geçirilen dabaraly çärä Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar