Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

30 Iýul 2022
600

Aşgabat, 29-njy iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habardan başlady.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar