Sanlylaşdyrmak — ösüşiň möhüm şerti

16 Sentýabr 2020
68

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrmak işi ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna günsaýyn ornaşyp, olaryň arasyndaky çäkleri aýyrýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňligine, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegi) ýaly üç ugruň berjaý edilmegi zerur bolup durýar.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.