Täze mümkinçilikler

16 Sentýabr 2020
57

Hormatly Prezidentimiz halkara söwda ulgamyndaky we harytlary ýerlemek babatdaky iň gowy tejribeleri, daşarky bazarlardaky islegi öwrenmegiň möhümdigini nygtaýar. Döwletimiziň daşary ykdysady işini ösdürmek babatda alyp barýan täzeçillik syýasaty barha rowaçlanýar. Şunuň bilen bagly wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenendir. Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesini alan ýurdumyz söwda dolanyşygynda uly üstünlikleri gazanýar. Şu ýylyň sekiz aýynda onuň umumy möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterime barabar boldy, önüm öndürmegiň meýilnamasy 123,1 göterim ýerine ýetirildi.

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň bu abraýly gurama synçynyň derejesini almaga bolan sargydyna garalmagy we ýurdumyza Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesini bermek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi söwdany we telekeçiligi ösdürmekde örän möhümdir.

Ýazgeldi ANNAMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.