Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

26 Iýul 2022
1238

Aşgabat, 25-nji iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaýdan boşan meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berler.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar