Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

25 Iýul 2022
621

Aşgabat, 23-nji iýul. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onda Milli Geňeşiň Mejlisiniň 16-njy iýulda geçirilen on dokuzynjy maslahatynda kabul edilen Kanunlar makullanyldy. Bu kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň işine köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Çykyşlarda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Olarda Kanunlaryň her biri boýunça netijenama berildi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar