Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze ýokary tehnologiýaly desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

21 Iýul 2022
1528

Aşgabat, 20-nji iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda gurlan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Dünýäniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen täze desganyň ulanylmaga berilmegi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de senagatlaşdyrmak, onuň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny, şol sanda energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde nobatdaky möhüm ädim boldy.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar