Yk­dy­sa­dy ösüş we gir­de­ji­ler

15 Sentýabr 2020
40

Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si bat­ly dep­gin­ler­de ös­ýär. Mu­nuň özi oza­ly bi­len döw­let sy­ýa­sa­tyn­da hal­kyň hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň il­kin­ji de­re­je­li we­zi­pe sa­ýyl­ma­gynyň netijesidir. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösüş­le­rin­de öňe sü­rül­ýän be­lent mak­sat hem şo­nuň bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gi il­deş­le­ri­mi­ziň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň go­wu­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ol ila­tyň gir­de­ji­le­ri­niň dur­nuk­ly art­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän ugur­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýär. Ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy ösü­şiň esa­sy ugur­la­ry­nyň dep­gi­ni­niň çalt­lan­dy­ryl­ma­gy üçin ze­rur bo­lan mak­royk­dy­sa­dy şert­ler yzy­gi­der­li dö­re­dil­ýär. Bu bol­sa içer­ki önü­miň ösü­şi­niň göz öňün­de tu­tul­ýan möç­ber­le­ri­ne ýet­mä­ge amat­ly bo­lan ýag­daý­la­ry üp­jün ed­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň dur­nuk­ly ösü­şi her ýyl ila­tyň pul gir­de­ji­le­ri­niň we or­ta­ça aý­lyk hak­la­ry­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Ge­çi­ri­len bar­lag­la­ryň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, her bir öý ho­ja­ly­gyn­da je­mi gir­de­ji art­ýar. Ol 2016-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 2017-nji ýyl­da 9,6 gö­te­rim, şol san­da pul gir­de­ji­le­ri 9,7 gö­te­rim ar­typ­dyr. 2007 — 2017-nji ýyl­lar­da her bir öý ho­ja­ly­gy­nyň pul gir­de­ji­si 2,8 es­se­den, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän­le­riň or­ta­ça aý­lyk hak­la­ry 2,7 es­se­den gow­rak ar­typ­dyr.

Ber­di­my­rat GURBANGYLYJOW,
we­la­ýat ka­zy­ýe­ti­niň ka­zy­ýet ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­si.