Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

19 Iýul 2022
1011

Aşgabat, 18-nji iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine oba hojalygynda we ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim sebitde alnyp barylýan işler, ýygnalan däne hasylynyň kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara bökdençsiz daşalmagyny hem-de ýerleşdirilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, orakdan boşan meýdanlarda agrotehniki talaplara laýyklykda sürüm işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Gowaça ideg, şol sanda dürli zyýankeşlere we kesellere garşy alnyp barylýan işler, häzirki wagtda ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylynyň ýygnalyşy barada hem aýdyldy.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar