Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

18 Iýul 2022
833

Aşgabat, 16-njy iýul. Şu gün sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar «Elektron hökümet hakynda» hem-de «Itçilik we kinologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar