Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

16 Iýul 2022
1149

Daşkent — Samarkant — Aşgabat, 15-nji iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Daşkentde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň uly toplumy gepleşikleriň örän netijeli bolandygyna şaýatlyk edýär. Resminamalar strategik häsiýete eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Goňşy ýurtlaryň özara gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary 13-nji iýulda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumynda, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklarda, amaly-haşam sungatynyň bilelikdäki sergisinde öz beýanyny tapdy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi duşuşyklaryň anyk netijelerine öwrüldi. Şol gün sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.

www.tdh.gov.tm