Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

14 Iýul 2022
1074

Aşgabat, 13-nji iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy we birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak maksady bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Häzirki döwürde Mejlisiň şu ýylyň 16-njy iýulynda geçiriljek altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky on dokuzynjy maslahatyna taýýarlyk görülýär. Mejlisiň wekilleri Halk Maslahatynyň agzalary bilen bilelikde şu ýylyň 2 — 6-njy iýuly aralygynda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň işine gatnaşdy. Mejlisiň deputatlary halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksadyndan ugur alyp, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde okuw maslahatlaryny geçirdiler.

www.tdh.gov.tm