Türkmen halkynyň belent ynsanperwerlik taglymlary mynasyp dowam etdirilýär

12 Iýul 2022
945

Aşgabat, 11-nji iýul. Şu gün hajy Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň adyndan Sindzo Abeniň hatyrasyna gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu waka Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň ýagty ýadygärligine çuňňur hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy, ol biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşdy, netijede, Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi.

“Arkadag” myhmanhanasynda geçirilen çärä hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň, halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

www.tdh.gov.tm