Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmaga gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda, Oba milli maksatnamasynda hem-de Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda ýurdumyzyň geljek ýedi ýyl üçin ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary kesgitlenildi. 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan bu resminamalarda halkymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly başlangyçlar, giň gerimli taslamalar öz beýanyny tapdy.