Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

9 Iýul 2022
1561

Aşgabat, 8-nji iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi, şonuň ýaly-da, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de şu ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi we ýerine ýetirilen işlere anyk baha berildi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleri, welaýatlaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berdi. Ministr Döwlet we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi, maliýe-býujet syýasatynyň ileri tutulýan wezipelerini üstünlikli çözmek maksady bilen, ýylyň birinji ýarymynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabata görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,5 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýerli býujetleriň girdeji bölegi 100,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,7 göterim berjaý edildi.

www.tdh.gov.tm