Welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmek Watanymyzyň abadançylygynyň möhüm şertidir

8 Iýul 2022
1454

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm ugry hökmünde welaýatlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynyň ägirt uly maksatlaryna gönükdirilen wajyp çäreler durmuşa geçirilýär.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” we Oba milli maksatnamasynyň ýerlerde ýerine ýetirilişi bilen tanyşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda toý saparlarynda boldy. Olaryň her biriniň jemlerine bagyşlanyp, Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisleri geçirildi. Olarda sebitleriň çäk taýdan ýerleşişi, önümçilik aýratynlyklary we bar bolan tebigy serişdeleri nazara alnyp, welaýatlaryň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini şertlendirýän kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, sebitleriň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek we olaryň çäklerinde bar bolan täsin taryhy-medeni ýadygärlikleri wagyz etmek ýaly meseleleriň giň toplumyna garaldy.

www.tdh.gov.tm