Ýurdumyzda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň sebit maslahaty geçirildi

5 Iýul 2022
1240

Aşgabat, 4-nji iýul. Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Merkezi Aziýada “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ilerletmek boýunça utgaşykly görnüşde ýokary derejeli sebit maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde guran ýöriteleşdirilen forumynyň işine abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, halkara bilermenler hem-de Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan hünärmenler gatnaşdylar.

Merkezi Aziýada adamlaryň saglygyny, haýwanat dünýäsini we daşky gurşawy goramaga gönükdirilen “Bitewi saglyk” konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin halkara düzümleriň tagallalaryny birleşdirmek bu maslahatyň esasy maksady boldy. Forumda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan netijeli syýasatyna ýokary baha berildi.

www.tdh.gov.tm