Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

5 Iýul 2022
865

Aşgabat, 4-nji iýul. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler baradaky meselelere garalyp, öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibine geçip, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim sebitdäki möwsümleýin işler, galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almak işleriniň guralyşy, döwlete tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilişi, orakdan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk dowam etdirilýär. Şunuň bilen bir wagtda ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk berjaý edilýär. Mundan başga-da, welaýatyň uzak ýaýlalaryndaky, düzlüklerindäki ekinleri medeni zolaga geçirmek işleriniň guralyşy barada hasabat berildi.

www.tdh.gov.tm