Talyplygyň soňky duralgasynda (Oýlanma)

1 Iýul 2022
125

Dalaşgärlik. Synag. Irginsiz yhlasly gijeleriň wysala gowşan güni. Bularyň ählisiniň üstünden eýýäm bäş ýyl geçipdir. Şu wagt bu zatlar düýş ýaly meniň üçin. Indi ýatlamalar ummanyna çümen wagtym myssa ýylgyrmagyma sebäp bolýan bu süýjümtik duýgular öz ornuny talyplyk ýyllarymyň ýakymly pursatlaryna berdi.

Uçurym dabarasynda halypa mugallymymyzyň aýdanlary henizem gulagymda ýaňlanyp dur: «Siz pikir edýänsiňiz, institut, mugallymlar biziň ýadymyzda hemişelik galýar, biz bolsa olaryň ýadyndan çykar gideris diýip. Ýok, diňe biz siziň durmuşyňyzda däl, eýsem, sizem biziň ýüregimizde galmagy başardyňyz. Sizi özümize şeýle ýakyn duýmagymyzyň sebäbi her biriňize ömrümiziň bir bölegini, terbiýämizi, ylmymyzy siňdirmegimizdir». Mugallymymyň her aýdan sözi ýüregimiň üstünden aýakýalaň ýöredi.

Ogulnur PIRJIKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uçurymy.