Täzelikler

1 Iýul 2022
115

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ömrümiň manysy» atly kitaby esasynda «Döwleti hem, halky hem beýgeldýän ynsanlardyr» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ildeşlerimiz ikinji orna mynasyp boldular.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, oňa gatnaşyjylar bäsleşigiň düzgünine laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan parçalary labyzly okamak we ýatdan aýtmak, eseriň bölümlerinden bir parçany sahnalaşdyrmak boýunça çykyş etdiler. Welaýatymyzdan gatnaşan Agamyrat Hudaýarowyň maşgalasy bäsleşigiň üçünji şertinde türkmeniň galpak toýunyň däp-dessurlaryny görkezdi. Eminler olaryň çykyşlaryny öňdäki orunlara mynasyp gördüler.