Uçurymlaryň döredijilik sergisi

1 Iýul 2022
85

Şu gün welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zalynda welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk bölümlerini tamamlan talyplaryň döredijilik sergisi guraldy.

Uçurymlara şekillendiriş sungatynyň inçe tilsimlerini öwreden mugallymlar Merdan Atajanow, Alymjan Işangulyýew zehinli ýaşlaryň her biriniň irginsiz gözlegleri, reňkleri ýerlikli ulanyşlary, eserleriniň gurluş aýratynlyklary barada gürrüň edip, olara döredijilik äleminde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdiler.

Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.