Nurana ýollar bilen

1 Iýul 2022
66

Ata Watanymyz öz ösüşiniň täze, rowaçlyklara beslenýän ajaýyp döwrüne ynam bilen gadam basdy. Halkymyz hormatly Prezidentimiziň daşynda berk jebisleşip, geljegiň belentliklerine tarap ynamly gadam basýar. Munuň şeýledigine biziň kärhanamyzyň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar. Iri senagat kärhanamyzyň işgärleri her iş gününi üstünliklere beslemek ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler. Bu barada «Ykballarymyz gül açýar, Arkadagly Serdar bilen» atly geçirilen dabaraly maslahatda hem buýsanç bilen gürrüň edildi.

Hawa, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary talaplara laýyk gelýän, bäsleşige ukyply, kuwwatly milli ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan belent sepgitlere ýetmek ugrunda möhüm ädimler ädilýär. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli syýasatynyň netijesinde amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegini üpjün edýändigini, çekilýän agzybirlikli zähmetiň abadançylygy berkarar etmäge uly goşantdygyny nygtadylar.

Täçmyrat ÖWEZOW,
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.