Sportuň, sagdynlygyň sarpalanýan eýýamy

1 Iýul 2022
403

«Berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şu belent maksatdan ugur alyp, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet, syýahatçylyk ulgamlarynda giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarys» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu sözleri döwrümiziň hem-de durmuşymyzyň beýik hakykaty bolup, hemmeleriň ykrarnamasyna eýe bolan ajaýyplykdyr.

Muňa göz ýetirmek üçin diňe öz ýaşaýan obamyzyň, şäherçämiziň ýa-da şäherimiziň keşbine, bagtyýar raýatlarymyzyň nur saçýan gözlerine, ýüzlerine bakmak hem ýeterlikdir.

«Türkmen sporty».