Hazar hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti

1 Iýul 2022
70

Bu gün Watanymyzyň halkara abraýy barha artyp, bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Ine, 29-njy iýunda paýtagtymyzda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammiti hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçen sammite Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagy şeýle ähmiýetli çäreleri geçirmekde uly tejribesi bolan Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki mümkinçilikleriniň ykrar edilýändigini ýene bir ýola aýan etdi. Sammitiň myhmanlarynyň myhmansöýerlik däplerimize laýyklykda garşylanmagy bolsa halkymyzyň milli ýörelgeleriniň ýylsaýyn kämilleşdirilip, nusgalyk derejä ýetendigini görkezýär.

Gurbangeldi MÄMMETSÄHEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.