Sportdaky belent sepgitleriň waspçylary

1 Iýul 2022
72

Biziň zähmet çekýän bilim ojagymyzda – Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussat türgenler bilen birlikde, sport žurnalistikasyndan hem kämil ýaşlaryň taýýarlanylmagy şu ulgamyň döwrebap ösüşleriniň ýokary derejede hem-de dessin beýan edilmegini gazanmakda örän ähmiýetlidir.

Ýokary okuw mekdebimizde şu ugurdan bilim alýan ýaşlara ussat mugallymlardyr hünärmenler tarapyndan sapaklar geçilýär. Häzirki günlerde bolsa sport žurnalistikasy hünäriniň talyplary ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde önümçilik we hünär öwreniş tejribeligini geçýärler. Biziň talyp ýaşlarymyz «Türkmen sporty» gazetiniň hem-de «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýalarynda bolup, žurnalistikanyň esaslaryny, täsirli beýan etmegiň usullaryny ýörite tejribeliklerde özleşdirýärler.

Çaryýar SYLAPOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.