Ynsanperwerligiň belent nusgasy
Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde pugta parahatçylygy, halkynyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ygtybarly şertleri döredýän kuwwatly döwletdir. Türkmenistan goňşy döwletler bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, parahatçylygy, asudalygy söýen hoşniýetli atababalarymyz goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklary sarpalapdyr. Şunlukda, «Goňşyň ýykylsa, söýget ber» diýýän türkmen halky geçmişdede ýurduň asudalygyny goramak bilen birlikde, goňşy halklar bilen berk dostluk gatnaşyklaryny alyp barypdyr.