Aziýa çempionatynyň nobatdaky medaly

1 Iýul 2022
91

Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde erkin hem-de grek-rim göreşleri boýunça ýetginjekleriň we 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty tamamlandy. Biz gazetimiziň geçen sanynda şol ýaryşda gazanylan medallaryň aglabasy hakynda okyjylarymyza ýetiripdik.

Şol ýazgymyzda 65 kilogram agram derejesindäki ýaryşda Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysynyň agzasy Alp Arslan Begenjowyň erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempiony bolandygy, 80 kg-de çykyş eden Parahat Ataýewiň, 45 kg-de göreşen Azym Aşyrgulyýewiň şol çempionatda gazanan bürünç medallary, galyberse-de, ildeşimiz Kakabaý Kakabaýewiň grek-rim göreşinden bürünç medal eýeländigi öz beýanyny tapypdy.

«Türkmen sporty».