Ýaş nesil sporty saýlaýar

1 Iýul 2022
64

Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek, kämilleşdirmek maksady bilen alyp barýan beýik işlerini sagdyn, ruhubelent ýaşlary taýýarlamagyň, sportuň görnüşlerini ösdürmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmegiň ähmiýetini özünde jemleýär. Bedenterbiýäni we sporty köpçülikleýin ösdürmek we giňden ornaşdyrmak, ýaş nesillerimiziň sport bilen meşgullanmaklaryny, sagdyn ösüp, durmuşa geçirilýän sport we ýaşlar syýasatyny wagyz-nesihat etmek hem-de berk bedenli sagdyn türgenleri ýetişdirmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi mynasybetli geçirilen maslahat hem şu ugurdaky ähmiýetli ädimleriň netijesini şöhlelendirdi. Bu maslahata Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleriniň we sport desgalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Aşgabat şäherindäki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde, «Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany ýerine ýetirmegiň 2020-2024-nji ýyllar üçin meýilnamasyna» laýyklykda hem-de degişli Milli maksatnamasynyň çäklerinde temmäkiniň we temmäki önümleriniň ulanylmagyny iň pes derejä ýetirmegi gazanmak, temmäki bilen bagly keselçiligiň öňüni almak barada söhbet edildi.

Mämmet AGABAÝEW,