Çekeleşikli tutluşyklar

1 Iýul 2022
58

Golaýda, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gökje» sport desgasynyň giň zalynda söweş sambosy boýunça paýtagtymyzyň birinjiligi geçirildi. Uly şowhuna beslenen tutluşyklarda türgenler özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Aýratyn-da, final tutluşyklary gyzykly we çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Şeýle-de, ýaryşyň guramaçylyk ýagdaýyna ýokary baha berildi. Ýaryşyň baş emini, ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Muhammet Adaýewiň aýtmagyna görä, her bir tutluşyk pälwanlara özleriniň başarnyklaryny doly derejede görkezmäge mümkinçilik berdi. Ýaryşyň final tutluşyklaryna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary, söweş sambosy boýunça Liwanda geçen Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, jiu-jitsu söweşi boýunça Aziýa çempiony Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew we jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi Mergen Durdyýew dagy eminlik etdi. Elbetde, el-aýak urgulary we tutup ýykmak ýaly emeller bilen baglanyşykly tutluşyklarda şikes almak hem daşda däl. Şonuň üçin-de, her bir tutluşyk, bu ugurda baý tejribesi bolan 12-nji sport mekdebiniň sport lukmany Baýram Geldiýewiň berk gözegçiligi astynda dowam etdi. Biz hem ýaryşda döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, birinjiligiň final tutluşyklaryna tomaşa etdik hem-de ýeňiji bolan pälwanlaryň käbiri bilen, şonuň ýaly-da, perzentleriniň çykyşlaryna janköýerlik etmäge gelen ata-eneler bilen söhbetdeş bolduk.

***

Taýýarlan Muhammet ATAÝEW, žurnalist.
Surata düşüren awtor.