Sport we ýaşlar syýasaty

1 Iýul 2022
77

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir raýatyň saglygy umumymilli baýlygymyzyň esasy bölegi bolup durýar. Şonuň üçin hem, hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy netijesinde ýurdumyzda jemgyýeti sagdynlyga çagyrýan düýpli çäreler geçirilýär. Şeýle çäreleriň maksady sagdyn durmuşyň adamlar üçin möhüm kada öwrülmegini gazanmakdan, Watanymyzyň beýik geljegi üçin sagdyn ýaşlary ýetişdirmekden, adalatly raýat jemgyýetimize saglyk medeniýetini ykjam ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň saglygyny goramak ugrunda alyp barýan syýasaty döwletimizde adam hakyndaky aladanyň ähli zatdan ileri tutulýandygyny dabaralandyrýar. Şol syýasat hem Watanymyzyň ösüşiň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine ýetmegi üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.