Sportuň gadymy kökleri

1 Iýul 2022
72

Häzirki döwürde sport adamzat jemgyýetiniň durmuşynda örän uly orun eýeleýär. Onuň häzirki derejä ýetmegi üçin bolsa köp wagt gerek bolupdyr. Dünýäniň dürli ýerlerindäki taryhy ýadygärliklerde sport we oýunlar bilen baglanyşykly çeşmeler saklanyp galypdyr. Şolar hem sportuň on müňlerçe ýyla uzaýan taryhynyň bardygyny tassyklaýar.

Sport görnüşleriniň aglabasynda gadymy däp-dessurlar hem-de merdana ýigitleriň söweşjeň taýýarlygy bilen baglanyşykly hereketleri görmek bolýar. Gadymy gowaklarda we gaýalarda saklanyp galan şekillerde iň gadymy adamlaryň ýerine ýetiren özboluşly tanslary we beden hereketleri pälwanlaryň ýa-da awçylaryň hereketlerini ýada salýar. Alymlar, megerem, häzirki sport we bedenterbiýe maşklarynyň ilkinji görnüşleri şeýle hereketlerden dörändir diýip çaklaýarlar.

Muhammetselim REJEPOW,
Aşgabat şäherindäki 63-nji orta mekdebiň uçurymy, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň taryh dersi boýunça Aşgabat şäher tapgyrynyň ýeňijisi.