Sport tanslarynyň tarypy

1 Iýul 2022
61

Sport tanslary sportuň köpugurly görnüşleriniň biri bolup, onda tans usullarynyň 20-ä golaýy jemlenýär. Öz gezeginde olar dört ugra bölünýär. Ýaryş mahalynda türgenlere ýylgyrmak hökmanydyr. Ýylgyrylmadyk halatynda eminler olaryň jemleýji utuklaryny peseldip bilerler.

Tanslaryň müňlerçe ýyllyk taryhy bardyr, ýöne dünýä jemgyýetçiligi olary sportuň görnüşi hökmünde geçen asyryň ahyrynda ykrar etdi. Sportuň bu görnüşi görkezme ýaryşlary hökmünde 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Selbi BABANAZAROWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.