Futbol — onuň hemişelik hemrasy

1 Iýul 2022
65

Her bir ugurda bolşy ýaly, futbolçy hökmünde özüňi tanatmak üçinem yhlas, başarnyk, iň esasam, dogabitdi zehin gerek. Biziň bu günki söhbedini etjek futbolçymyzda şolaryň ählisi hem jemlenen diýsek, ulaldyp aýtdygymyz bolmaz.

Ezber goragçy hökmünde özüni tanadan Azat Garajaýew 1984-nji ýylda Balkanabat şäherinde doglup, sekiz ýaşynda şol wagtky çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde Waleriý Tkatoşwiliden tälim alyp başlaýar. Soňra Mihail Korotkow, Aşyr Begjanow ýaly halypalar onuň kämilleşmegine öz goşantlaryny goşýarlar.

Hezret HOJAGULYÝEW,
sport synçysy.