Welaýatlardan habarlar

1 Iýul 2022
72

Daşoguz welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda futbol boýunça 2007-nji ýylda doglan oglanlaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi. Çekeleşikli geçen ýaryşa welaýatyň ähli etraplaryndan toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Netijede Görogly etrabynyň topary 1-nji, S.A.Nyýazow etrabynyň topary 2-nji, Ruhubelent etrabynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Ýaryşyň ýeňijilerine welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.