Tomsuň jöwzaly günlerinde özüňi alyp barmagyň tertibi

1 Iýul 2022
85

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagynyň netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden hökman dogry goranmaly, şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukman gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmaklyk maslahat berilmeýär. Irden sagat 9.00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, 18.00-dan soň gezelenje çykylanda möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, kellä Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyňyz bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de günüň dowamynda gerekli mukdarda 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny kabul etmeli. Tomsuñ yssy günlerinde daglara, açyk meýdanlara gezelençleri guramazlyk, açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek we kelle açyk gezmeli däldigi maslahat berilýär.

Tomus aýlarynda kabul edýän iýmitiňize ünsli bolmaly. Gök önümlere we miwelere, süýt we süýt önümlerine has köp ürç etmeli. Ýagly we ajy tagamlardan daş bolmaly. Kakadylan et we balyk önümlerini, şöhlatlary iýmitiňizden aýyrmaly. Naharlar gaýnadylan we buglanan görnüşinde taýýarlanylmalydyr.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.