Şatlyga beslenýän günler

1 Iýul 2022
56

Golaýda gözel paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň, Köpetdag etrap häkimliginiň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Gözel paýtagtymyzdaky sungat hem-de çagalar çeperçilik mekdepleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara aýdym-saza beslenip, seýilgähiň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu ýerde mekdep okuwçylardan düzülen akkordionçylar, dutarçylar, deprekçiler, şeýle-de skripkaçylar toparlarynyň çykyşlary has hem gyzykly boldy. Dabaranyň dowamynda çagalaryň döredijiliginiň sergisi hem guraldy. Onda çagalaryň ýurdumyzy, türkmen tebigatyny wasp edip çeken suratlary ýerleşdirildi.

Rejepgeldi ALLAMYRADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.