Mekdeplerde täze okuw ýylyna taýýarlykly barylýar

1 Iýul 2022
196

Kaka etrabynyň bilim ojaklarynda synpdan synpa geçiş hem-de gutardyş synaglary üstünlikli tamamlanandan soňra, 2022-2023-njy okuw ýylyna ykjam taýýarlyk işlerine girişildi. Şonuň bilen baglylykda, mekdep binalarynda ýeňil abatlaýyş hem-de bejeriş işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işde ekologiýa taýdan arassa gurluşyk serişdeleri ulanylýar.

Synp otaglarynyň göwnejaý enjamlaşdyrylyşyna, şol sanda döwrebap görkezme esbaplary bilen üpjünçiligine uly üns gönükdirilýär. Mekdep mugallymlarynyň bu ugurdaky tagallalary bellenilmäge mynasypdyr. Şu günlerde alnyp barylýan abatlaýyş we bejeriş işleri täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamaga mümkinçilik berer.

Pirmuhammet ÇARYÝEW,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.