Aş­ga­bat­da altynjy Ha­zar sam­mi­ti ge­çi­ril­di

30 Iýun 2022
771

Aş­ga­bat, 29-njy iýun. Şu gün paý­tag­ty­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lyk­ly­gyn­da altynjy Ha­zar sam­mi­ti ge­çi­ril­di. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Aş­ga­bat du­şu­şy­gy ka­şaň “Ar­ka­dag” myh­man­ha­na­syn­da gu­ral­dy. Bu ýer­de ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­la­ry ka­bul et­mek hem-de iri hal­ka­ra çä­re­le­ri gu­ra­mak üçin äh­li şert­ler döredildi.

Sam­mi­te gat­naş­mak üçin Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýew, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­si, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew hem-de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin türk­men paý­tag­ty­na gel­di­ler.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar