Aýdym-saz halklary birleşdirýär

29 Iýun 2022
835

Ahal welaýaty, 28-nji iýun. Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada halkara döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlary gatnaşdylar.

Ýurdumyzda ähmiýetli wakalaryň öň ýanynda konsertleriň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Aşgabatda geçiriljek VI Hazar sammitiniň öňüsyrasynda baýramçylyk şowhunyny döretmäge gönükdirilen dabara ýerine ýetirijileriň özboluşly zehinini hem-de žanrlaryň köpdürlüligini görkezdi. Oňa meşhur daşary ýurt artistleriniň gatnaşmagy döredijilik işjeňligine täze itergi berip, ýurdumyzyň medeni durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar