Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk konsertine gatnaşdy

28 Iýun 2022
561

Ahal welaýaty, 27-nji iýun. Şu gün tutuş ýurdumyzda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň möçberli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Şanly senäniň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasynda” ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen döredijilik agşamyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde geçirilýän giň möçberli döredijilik baýramçylygy şanly wakalara, milli medeniýetimiziň köpugurly mümkinçiliklere eýedigini görkezýän pursatlara baý boldy. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna gönükdirilen dürli görnüşli çäreler ýaýbaňlandyryldy. Döredijilik forumynyň maksatnamasy many-mazmuna baý boldy. Bu baýramçylyk hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine hem-de döredijilik zehinlerini ösdürmek üçin alnyp barylýan ägirt uly işleriň oňyn netijeleriniň beýanyna öwrüldi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar