Medeniýet hepdeligi — 2022: ýapylyş dabarasy

28 Iýun 2022
472

Mary, 27-nji iýun. Şu gün tutuş ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Bu şanly senä gabatlanyp Medeniýet hepdeligi geçirildi we ol “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan sungat ussatlarynyň uly konserti bilen jemlendi. Sungat baýramçylygynyň çäreleri köpöwüşginliligi hem-de baý many-mazmuny bilen tapawutlanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alnyp barylýan döredijilikli işleriň dowamatlylygynyň subutnamasy boldy.

Dabaralar Mary şäherindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine belent sarpa hökmünde gül goýmak dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylary — kärhanalaryň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň, ýaşlaryň wekilleri, şeýle hem döredijilik forumyna gatnaşyjylar bar. Ýadygärlige goýlan ajaýyp gül desseleri ynsanperwer şahyryň belent şahsyýetine we döredijilik mirasyna sarpa goýmagyň nyşanyna öwrüldi.

ww.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar