Täze binalar halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir

27 Iýun 2022
327

Ahal welaýaty, 25-nji iýun. Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça, Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleri, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek bilen bagly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde dürli ugurlarda giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň keşbiniň has-da gözelleşmegini üpjün edýär. Şunda adamlaryň amatly ýaşaýşynyň, ýokary derejeli dynç alşynyň ýola goýulmagy esasy şert hökmünde kesgitlenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

ww.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar