Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25 Iýun 2022
953

Aşgabat, 24-nji iýun. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary M.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer býujet ulgamyny kämilleşdirmek, milli kanunçylyga halkara tejribäni ornaşdyrmak, döwletiň maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak, 2025-nji ýyldan başlap orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmek we bu ulgamyň dolandyrylyşyny döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan anyk çäreler barada habar berildi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar