Medeni forumyň dabaraly badalgasy

23 Iýun 2022
695

Mary, 22-nji iýun. Şu gün Mary şäherindäki Ruhyýet köşgünde Medeniýet hepdeligi — 2022-niň dabaraly açylyşy boldy. Milli medeniýeti gorap saklamaga, içgin öwrenmäge hem-de wagyz etmäge gönükdirilen bu giň gerimli çäre medeniýetimiziň döwletiň we jemgyýetiň ösüşinde eýeleýän, barha artýan ähmiýetli ornuny, parahatçylyk dörediji kuwwatyny açyp görkezýär.

Indi onunjy gezek geçirilýän bu çäre umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna saldamly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň köp görnüşliligine doly derejede düşünmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän hepdelik döredijilik işgärleriniň hünär derejeleriniň ýokarlanmagyna, täze zehinleriň ýüze çykarylmagyna ýardam edýär. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň bu baýramy ähmiýetli waka bolup, Garaşsyz türkmen döwletiniň iň täze taryhynda mynasyp orun eýeledi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar