Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

21 Iýun 2022
655

Aşgabat, 20-nji iýun. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi.

“CNPC-niň” ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaýly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady. HHR-iň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna, iri düzümleýin taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan edýärler.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar