Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Le­bap we­la­ýa­ty­na toý sa­pa­ry

20 Iýun 2022
617

Le­bap we­la­ýa­ty, 18-nji iýun. Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Le­bap we­la­ýa­ty­na toý sa­pa­ry­ny ama­la aşy­ryp, se­bi­ti dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, gal­la ora­gy­nyň dep­gin­le­ri, se­na­gat-önüm­çi­lik top­lum­ynda­ky iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­dy.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň gün­do­gar se­bi­tin­de se­na­gat we oba ho­ja­ly­gy pu­dak­la­ryn­da giň möç­ber­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa we­la­ýa­tyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýär. Şun­da oba zäh­met­keş­le­ri­niň ne­ti­je­li işi­ni ýo­la goý­mak ug­run­da döw­let ta­ra­pyn­dan ze­rur ta­gal­la­lar edil­ýär.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar